Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba
hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp
kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän
guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi
hem-de ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary
baha berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy
ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň
ähmiýetini nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz iri halkara düzümiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň
Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly
şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu
meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny belledi.
Onuň ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba
hojalyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesidir, Türkmenistanyň
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy has-da
pugtalandyrjakdygyna, täze başlangyçlara itergi berjekdigine hem-de howanyň
üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygynyň ählumumy meselelerini çözmäge mynasyp
goşant goşjakdygyna ynam bildirip, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO
bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyz bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp,
häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe
taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuý
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.