Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar
bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen
duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen
topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul
edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze
çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen
Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine
ynam bildirdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda
mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de
Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň
häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat
goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine
ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek
işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini
nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda
Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet
Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň giň gerimli maslahatynyň
ýokary guramaçylykly geçmegi üçin türkmen tarapynyň mundan beýläk-de ähli
tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman
ýurdumyzyň hem-de BMG-niň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlykda
gazanylan üstünlikler, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu
Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik dialogyň sebitde we
dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mundan beýläk-de
ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.