Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat
Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi
ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri
sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam
etmäge gönükdirilendir.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýangi
Uzbekiston» seýilgähine bardy we bu ýerde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül
goýdy.
Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň
şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri
seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen
tanyşdyryldy.
Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy,
azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly
ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. «Garaşsyzlyk»
ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer
halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: «Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz
galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna» diýen sözler ýazylypdyr.
Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş
şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň
strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk
özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr
akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde
Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti
Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen
şekillendirilipdir.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni «Kuksaroý»
döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde döwlet
Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata
düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri belent mertebeli myhmany özbek
topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana döwlet
sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Özbegistana sapar bilen gelmäge
çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan özbek-türkmen
gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny
belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir
gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň
iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.
Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw
hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe
ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly
hyzmatyny aýratyn nygtady. Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda
özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp,
harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň
hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna
ünsi çekdi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk
serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg
bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň
çekmegiň möhümdigi bellenildi. Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini
baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük
daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň
ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda
hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli
duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün
tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň
garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny
goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň hem-de
Özbegistanyň Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda
ýerleşýändigini aýratyn nygtap, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we
Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga ýardam berýän zerur
infrastrukturany hem-de şertleri döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň
möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan —
Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň
ähmiýetine üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri bilen
ozal geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan
türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny we halkara maliýe
institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot ulag-logistika merkezini döretmek
baradaky meselä seretmegiň teklip edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda
bilelikdäki işe taýýardygyny tassyklady.
Energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy
Özbegistana eksport edilýär. Gaz pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk
ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul
ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda strategik
hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn
gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we
derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan
mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.
Suw meselesi ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynda möhüm
orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary
esasynda garalmalydygyndan, çözgütleriň özara hormat goýmak we sebitiň ähli
döwletleriniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda kabul
edilmelidiginden, suw meseleleriniň halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp
maslahatlaşylmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryhyň, diliň, däp-dessurlaryň,
ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berk binýadyny
emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän halkara
çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol
sanda lukmançylyk bilimi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň
bardygy aýdyldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ylmy-barlag, bejeriş we
önümçilik kuwwatlyklaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk klasterini döretmek
boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport
ulgamlarynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna-da
ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň ahyrynda
türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat
Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň
iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra,
döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda
gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň
ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň
hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak pata bermeklerini haýyş
etdi.
Soňra türkmen tarapyndan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna
söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da
pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň
hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we
Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata
bermeklerini haýyş etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki taryhy wakanyň
ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň
häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da pugtalandyrmakda
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini açmaga ak pata
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem dabara gatnaşyjylary bu taryhy
waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga
berilmegine ak pata berdi. Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň
wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň
girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýärler. Soňra serhetýaka söwda
merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň
Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli
dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we
dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň
ýokary döwlet sylagyny — «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi
üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň
ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar
edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.
Özbegistanyň Prezidenti şu günki gepleşikleriň dowamynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň
gazanylandygyny, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň Milli Lideri
tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp,
Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
ýene-de bir gezek gutlady.
«Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym
Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ozal hem
belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň ygtybarly binýadyny
döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men her gezek doganlyk
Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly
işleriň şaýady bolýaryn» diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady. Dostlukly
ýurduň Lideri şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäheriniň
hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini aýtdy we
Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda, şäheriň
infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we innowasion
şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip boljakdygyna üns
çekendigini aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş
edýändiklerini, halkara gatnaşyklarda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat
gelýändigini we bu gatnaşyklaryň beýleki döwletler üçin görelde bolup
durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasynyň ýokary
döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de
bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň
nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet
Baştutanymyza «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy
bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna
goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk
gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň
häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň
arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň
häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň
Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara
barlaglar institutynyň arasynda Türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty
institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat
ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda
2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň
Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň
arasynda 2026-2027-nji ýyllarda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň
Maksatnamasy; biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary
babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; halkara awtomobil ýolagçy we ýük
gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň
Hökümetiniň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Ylalaşyga goşmaçalary
we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebit önümlerini we himiki
suwuk ýükleri daşamak üçin demir ýol wagonlaryny üpjün etmek babatda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy
babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi
ministrliginiň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy babatda
hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama;
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama bar.
Soňra hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalary alyşmak
dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine
ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we
türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk
ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini
aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş
etdi.
Döwlet Baştutanymyz Özbegistana döwlet saparynyň
çäklerinde şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň
dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň
bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe
möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat
Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.
Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejede
geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma
bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga,
özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna döwlet
saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň
Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň
resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Hökümet agzalary hormatly Prezidentimizi Özbegistanyň
ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy
hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen
tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw
etdiler.
***
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň
çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän
ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.