Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň
Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan
bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň
ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny,
iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga,
rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýolunda umumy maksatlara ýetmäge esaslanýandygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, onuň halklarymyzyň
bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa
tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň
halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.