Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany
kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we
durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş
bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen
giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny
mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de
saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş
strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe
guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň
arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky
bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze,
has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we
orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary
işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag
şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda
gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge
ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm
ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň
ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri
boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny
maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda
Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk
hakynda resminama gol çekildi.