milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13 sagat öň 15 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem iki ýurduň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.