Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň
Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň
Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp
kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edip, ABŞ bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini
ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz
hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy,
ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly
ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň
noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite
gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde
Prezident Donald Tramp bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu formatdaky hyzmatdaşlyk howpsuzlyk,
ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli
binýada öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda
nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat
goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler
syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki
ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler. Bu
bolsa durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy
meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.
Söwda-ykdysady ulgam
iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri
amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, bu işde Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly goşandy
bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskoll we ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we
Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan
Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan
döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.