Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli
mekan obasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli
mekan obasynda 400 sany ýaşaýyş jaýyndan, geňeşligiň edara binasyndan, saglyk
öýünden, 640 orunlyk orta mekdepden, 320 orunlyk çagalar bagyndan, söwda
merkezinden ybarat binalaryň ulanmaga berilýandigi bellenilýär. Şeýle hem
Gutlagda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen
milli strategiýadan ugur alyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň,
medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň we seýilgähleriň
gurluşygynyň geljekde hem dowam etdiriljekdigi nygtalýar.