Mähriban uçurymlar!
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Sizi ajaýyp arzuwlara we belent maksatlara
beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan
«Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk
şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler
baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň siziň ähliňizde ýatdan çykmajak ýakymly
pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.
Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli
buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir,
abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz
ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys,
ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de,
Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň»
dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere,
belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys.
Gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar
döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky
jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da
ýokarlandyrýar. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň
geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary,
zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň
döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin
dünýä aýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň bagtyýar uçurymlary!
Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary
derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet
kämillige eltýän ýoldur. Bu ýola hemişe eýerip, şöhratly taryhymyzyň bütin
dowamynda ylma we bilime daýanan merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini
mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, hemişe
kämillige ymtylmak bilen, abraýy dünýä dolýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine
hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar,
abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak siziň — geljege ynamly ädimler
bilen gadam goýýan ýigitlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.
Siz durmuş ýoluňyzyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam
üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe
halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize eýerip, bilimleriň we ylymlaryň
täze çuňluklaryna aralaşmalysyňyz, zähmetde taplanmak, döretmek hem-de gurmak
bilen, beýik geljegimize tarap ynamly gadam urmalysyňyz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Biz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ösüşiň täze
belentliklerine ýetirmekde milli bilim ulgamyny düýpli özgertmegi we güýçli
depginler bilen ösdürmegi, döwre mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi öz
öňümizde maksat edip goýduk. Bu jogapkärli işlerde siziň hyzmatyňyz örän
uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda
häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia
tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralaryny gurýarys. Täze
başlangyçlar esasynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda
döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tejribelere, umumy ykrar edilen halkara kadalara
laýyklykda, bilim işini kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki
zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek
babatda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýäris.
Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň we bilim
işgärleriniň yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesilleriň
zehin-başarnyklaryny ösdürmekleri, bilimleri, ylymlary özleşdirmekleri,
hünärleri ele almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim binýadyny has-da berkidýäris.
Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we
strategiýalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanyň geljegi, halkyň
ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli,
ylymly nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda hem
mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde
üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaşlarymyzyň
gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli
buýsanjymyzdyr, geçirýän bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir.
Mähriban uçurymlar!
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Sizi «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň
üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size
berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda
uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.