milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýurdumyzda alyp barýan işleri boýuna hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda oba hojalygy, bilimi, sporty, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. “Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.