milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12 sagat öň 15 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda halkara tejribelerden, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda hem-de Gümrük kodekslerine, “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Şeýle-de daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň agzalarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konsepsiýa laýyklykda, halkara standartlary we milli bähbitleri nazara almak bilen, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda innowasiýalary, döredijiligi höweslendirmek, innowasion telekeçiligi, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, intellektual eýeçiligiň obýektlerini we netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda milli bilermenlerdir hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlary ornaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik ulgamyny halkara tejribeler esasynda ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak babatda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak üçin degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylda ýurdumyzda şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, pudagyň kärhanalarynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz döwlet elektrik stansiýalarynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew aprel aýynda paýtagtymyzda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy hem-de hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň bolsa daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem paýtagtymyzda “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny we tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli geňeşiň 4 mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri 31-nji martda guraljak nobatdaky bäşinji mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleler barada aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyryp başlady. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça pudagara topar döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ilkinji Meýletin milli synyny taýýarlamak maksady bilen, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Syýasy forumyň işine gatnaşdy. Şonuň netijesinde, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Syýasy forumlarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan birinji hem-de ikinji Meýletin milli synlar hödürlenildi. Bu işleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek üçin häzirki wagtda üçünji Meýletin milli synyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olaryň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde seretmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG tarapyndan maksatnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 — 2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi. Ol halkara gün tertibiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Häzirki wagtda BMG bilen bilelikde maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gutarnykly işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem guramanyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we degişli tertipde ylalaşylan resminamalara gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalar taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. “Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “IPS” halkara sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň poçta ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.