milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.03.2025 214 Habarlar

 

Düýn – 14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, salgytlar bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmegi dowam etdirmegiň, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.