Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip,
ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň
talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna
taýýarlyk görülýär. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň
2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Wirtual
aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Türkmenistanyň goňşy
ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa
üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda»
Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen
birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar. Şeýle-de «Türkmenistanyň
2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň
Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Niger Respublikasynyň Türkmenistanda
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul
edilendigi barada aýdyldy. Mejlisiň agzalary birnaçe dostlukly ýurtlarda
saparda bolup, ençeme halkara çarelere wekilçilik etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman
Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual
aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 —
2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ýol kartasynyň»
taslamasy hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Hormatly
Prezidentimiz teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz»
döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly
Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg
etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak
üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ahaldaky gazdan
benzin öndürýän zawodyň netijeli işlemegini gazanmak maksady bilen taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
ýurdumyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi. Döwlet Baştutanymyz
dokma kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde
ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri
üstünlikli dowam etdirildi. Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän
Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň
orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde,
Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul
galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän
Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala
kerwensaraýynda degişli işler geçirildi.
Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen
halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly
ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik
ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek
nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw
mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2026-2027-nji
okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim
edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji
noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk
görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary
işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew
ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini
has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny
has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne
çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde «Türkmenistan»
awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň
halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa
assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat
awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da
kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary
giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary
ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi
makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.