Düýn – 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň – 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzy hatyralap gül goýmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.