Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň
hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni
durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak,
hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň
netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti,
Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Olar
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni
mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp
çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene
mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň
açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp
barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni
mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede
geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň
alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ýurdumyzda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp
barmak, synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek
boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şu babatda baglaşylan
ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça
esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara standartlar
boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura
taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we
ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň
ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini
ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.
Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş, çil çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak, gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.
Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek
babatda zerur çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda,
ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy we ilatymyzyň arassa
daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl
ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak işleri
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli
agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow
gözegçilik edýän toplumy tarapyndan, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de
abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň
we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek,
baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen
zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly
binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw
çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny
ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat
şäherinde Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk
çäreleriniň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly abadanlaşdyrmak we
bezeg işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18
ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»
atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt
kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de
gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli
göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly
halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli
ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk
dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil
eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir”
atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş
sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini
jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny,
kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de
baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara
zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi
çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat
ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk
görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny
üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda
ynsan saglygyny goramak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara
talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary,
derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek,
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribeler
üstünlikli amal edilýär. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da
gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan
ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň
halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça
toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026
— 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew
awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli
kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň
howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda
ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady
bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara
resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde
kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş
düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes
maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde
eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. “Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy
has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz
döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri”
diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip,
ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli
Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň
açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.