milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14 sagat öň 23 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.