milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.02.2025 128 Habarlar

Düýn – 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.