Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. TDH-niň
habar berşi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol
milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurduň kanunçylygyny häzirki döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini dowam etmegiň möhümdigini
belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp
barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli
pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal
berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat
hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, olar
boýunça hödürlenen degişli teklipleri makullap, ýurduň dürli toplumlarynda,
milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler,
pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar
bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.