milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.11.2022 411 Habarlar

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki döwlet kärhanalarynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.