milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15 sagat öň 20 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Mejlisde daşary ýurtly wekiliýetler birnäçe duşuşyklar, amala aşyrylan iş saparlary hakda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanylmagyna, gaýtadan işlenilmegine berk gözegçilik etmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, awtomobil ulagynda ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işini kämilleşdirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.