milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.04.2025 179 Habarlar

Düýn – 11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 12-nji aprelinde geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.