milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23 sagat öň 47 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Hökümet mejlisiniň başynda döwlet Baştutanymyz iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hökümet mejlisinde ýurdy ykdysady, syýasy we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletiň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna we onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletiň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyny belläp, şoňa görä-de döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda Hökümet agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylaryň zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine-de gatnaşjakdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw edip, mejlisi jemledi.