milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04.2025 132 Habarlar

Düýn – 18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.