Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilen
kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip
gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam hukuklaryny
hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen
baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler amala
aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklarynyň
guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň düzüm birlikleriniň
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna
we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işi barada özara
tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistany 2026-njy ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu
resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” hem-de şu
ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama
laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini
we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli
ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady
kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny
depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini
ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde
işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem eksport ugurly, importyň
ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny
artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk
önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri
dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek,
döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam
etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki
hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde
bellenildi.
Amatly işewürlik
gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek,
döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek geljegi uly
ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak,
önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa
goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş
orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda,
ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli
artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly
çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Maksatnamanyň
taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň,
ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine
ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça
durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi
göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün
etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň ykdysadyýetimizi
sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan
hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň
öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar,
şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan
hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi
hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri
geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary
talabalaýyk idetmek hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda degişli
işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi bilen
baglylykda, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna
laýyklykda, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmek ugrunda zerur işler geçirilýär. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň
garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli baglaryň, çöl ösümlikleriniň
nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara talabalaýyk ideg etmek, baglardyr çöl
ösümlikleriniň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli çäreler amala
aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlarda
degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini
talabalaýyk geçirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň
“Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek we ony tehnologik
kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen, önümçilikde zerur bolan
enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullap,
wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde
geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň
ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin”
mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan —
parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO —
2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň
diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik
duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň,
aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we
welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35
ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan
birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk
ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar
köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan
düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň
meýilleşdirilýändigini belledi hem-de wise-premýere fewral aýynda geçiriljek
çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu
ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň
garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk
halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalara
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary,
professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw
mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri
ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda,
bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa
geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi
makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara
Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň
ulgamyna girýän halkara düzümlerdir edaralar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden
ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen
köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmeti üpjün etmek we zähmet
gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak ugrunda degişli işleri
geçirýär.
Mälim bolşy ýaly,
ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça
çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk
alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler
ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyny
hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň
we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär.
“Ýol kartasynyň”
çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Hususan-da,
onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak
boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň
biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, resminamada milli kanunçylyk
binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hukuk taýdan
ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly döwlet
edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işler alnyp barlar.
Mundan başga-da, has giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen,
zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we
seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.
Halkara Zähmet
Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy dowam
etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we
amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak
edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir bilermenleri
bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy
we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Halkara Zähmet
Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýäde sanly
tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde emeli aňy ösdürmek
boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda,
emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, emeli aňyň
subýektleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet
edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini
kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we önümleri üçin milli ülňüleri hem-de
tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamagyň zerur bolup durýandygy bellenildi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen
baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.