Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini
geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly
Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen
deputatlaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda 2026-njy ýylyň ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary
getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we
nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň —
bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda
ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew
bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan
üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň
iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip
gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan
edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen
bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we
bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el
çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň
döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny,
onuň döwletliligini we hukuk esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny ulgamlaýyn esasda pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny,
ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini
belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary
syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, döwletimiziň halkara giňişlikdäki at-abraýyny
mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär.
2025-nji ýylda amala aşyrylan giň gerimli işler hem munuň aýdyň mysalydyr.
Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran asylly
işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam
etdirilýändigini hem-de türkmeniň milli düşünjesine mahsus dowamat-dowam
ýörelgesiniň iş ýüzünde amal edilýändigini görkezýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri geljek ýylda hem öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalary
etjekdiklerine ynandyrdy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen
döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mejlise gatnaşyjylaryň
adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda daşary syýasy ugur boýunça dürli derejede möhüm çäreler
geçirildi. Olar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün
etmäge, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir.
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu
ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp
halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly
ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny»
hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 —
2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Hökümet
agzalaryny, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryny,
Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant
goşýan daşary ýurt raýatlaryny “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna”
atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandygyny aýdyp, bildirilen
uly hormat hem-de ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny
beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi hem-de
türkmen halkynyň Milli Liderini ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, mundan beýläk-de
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy»
atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp
sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul
edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip
gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň
64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen
Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi
üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly
Kararnamalar biragyzdan kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu
başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirjekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli
Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda hemişelik galar. Geçip barýan Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeler durmuşa
geçirildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy. Garaşsyz
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkara derejede giňden
bellenildi. Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi.
Bu mejlislerde we maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna
degişli möhüm soraglara seredildi.
“Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn
işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlar kabul edildi.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň,
iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy we mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde
ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde
jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş-öňüni alyş
edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny
üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin
medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň
kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde
tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp,
hemmeleri täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we geljek ýylda
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi
ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.