24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
06.12.2021 97 Habarlar

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.