31.01.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
24.11.2022 144 Habarlar

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylara gün tertibi boýunça kimiň nähili teklibiniň bardygy baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň gün tertibini tassyklamak hakynda gelip gowşan teklibi gün tertibine goýdy. Teklip mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.