Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on
birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze
kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri çagyryldy.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň mundan
beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň
2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna,
«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda»
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün
tertibindäki esasy mesele boldy.
Deputatlar «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet
býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine
biragyzdan ses berdiler. Oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýan, döwletiň we
jemgyýetiň serişde mümkinçiliklerine daýanýan esasy maliýe-hukuk resminamasy
täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tiz wagtda ýetmäge hyzmat eder. Şeýle-de
«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda»
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.
Soňra «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun ýurdumyzda wirtual aktiwleriň
döredilmeginde, saklanylyşynda, ýerleşdirilmeginde, ulanylyşynda we
dolanyşygynda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyryp, olaryň hukuk, ykdysady,
guramaçylyk esaslaryny kesgitlär. «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň
döredilmeginde hem-de peýdalanylmagynda ýüze çykýan gatnaşyklary
düzgünleşdirýär. Ol ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukuk
goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Deputatlar 2025-nji ýylyň 17-nji
iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri
boýunça gol çekilen «Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň,
Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý
Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we
hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamasyna hem seretdiler.
Maslahatyň dowamynda «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky
Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary
hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak
hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy.
Deputatlar «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň
kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş
ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw
awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler
girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna hem seretdiler.
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda
ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary
biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça
hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň
mejlislerinde, hojalyk iş maslahatynda şanly senä bagyşlanyp guraljak halkara
forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli möhüm çäreler barada
pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 31-nji oktýabrda sanly ulgam
arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde deputatlaryň
halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň
nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada
kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda deputatlaryň alyp barýan
işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler
kesgitlenildi.