Balkan welaýatynda iş saparynda
bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly
Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol
çekendigini we onda bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň
bellenilendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň
alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hormatly
Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen
BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi aýdyldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam
edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we
arassaçylyk işlerini ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmäge zerur üns
berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, myhmanhanalarda daşary ýurtly
myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda
lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek»
awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň
wajypdygy aýdyldy.
Hormatly Arkadagymyz çäreleriň
geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan
jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde
saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk
konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet
berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir
hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek
üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns
berilmelidir.
Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar
halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Soňra Milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.