Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag we
Aşgabat şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar
gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda ýurtda alnyp
barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan
bu ugurda öz öwüt-nesihatlaryny bermegini haýyş etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ilki
Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taslamalary bilen
tanyşdy.
Wise-premýer B.Annamämmedow bu taslamalar
barada hasabat berdi. Ol ýurduň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy
merkezlerde ýokary derejeli, tejribeli lukmanlary taýýarlamak we bu ugry
ösdürmegiň işlenip taýýarlanylan meýilnamalary babatda Gahryman Arkadagymyzdan maslahatlaryny
bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän
lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara
birnäçe belliklerini aýtdy we ähmiýetli maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz Myrat Garryýew adyndaky
TDLU-nyň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta
hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk hünärini
öwrenýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň,
talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny
belläp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu meseleler babatda Türkmenistanyň
Prezidentine ýüzlenmegi maslahat berdi.