1. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär
bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we
ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk
gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli,
aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
Harby-deňiz institutynda ýokary hünär
biliminiň okuw möhleti 5 okuw ýyly.
2. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär
biliminde okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby
wekilliginiň adyna 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly.
3. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär
bilimini almaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri
boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça
goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde
kabul edilýär.
4. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi
boýunça bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň
çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.
5. Giriş synagyny tabşyryp, Harby-deňiz
institutynyň ýokary hünär bilimine okuwa kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana),
harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär hem-de olara Türkmenistanyň
kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.
Kabul ediş topary.