Şu gün paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe
nesiller gatnaşdylar.
Şu gün açylyp ulanmaga berlen seýilgäh hem munuň aýdyň
beýanydyr. Seýilgäh adamlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň döredijilik
bilen meşgullanmaklarynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý
etmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň beden taýdan kämil
ösmegine, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ýardam berýär.
...Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, şadyýan çagalaryň
hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şanly waka mynasybetli
taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi.
Soňra dabaraly ýagdaýda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş toý bagy kesildi. Şol pursat ak kepderi
şekilindäki şarlar we ak kepderiler asmana uçuryldy.
Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de
myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu
ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar,
güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş
bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç
almaklaryny üpjün eder.
Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy
mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we
erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň
çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda
ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport
bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy
pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.