Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlag hatlaryny iberdiler.
Dabara watançylyk mazmunly «Adyň arşa galdy Arkadag bilen, Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» diýen edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Ony Magtymguly adyndaky milli
sazly drama teatrynyň artistleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Kompozisiýanyň
dowamynda sahnanyň arkasyndaky uly monitorda halypa şahyryň ömrüne we
döredijiligine bagyşlanylyp taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň
Gahrymany A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli Gutlaglary okalyp, şahyra
iberen ajaýyp ter çemenleri gowşuryldy.
Dabarada
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa hem çykyş edip, şahyra gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi.
Dabara
ýurduň meşhur we uly abraýly aýdymçylarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň
çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Şahyr
tüýs ýüreginden çykýan päk duýgularyny goşgy setirleri bilen beýan etdi.
Dabara Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr A.Şagulyýewanyň ýazan şygryna döredilen «Ýaşa, ýaşa, Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly joşgunly aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.