milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
13 sagat öň 10 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň, milli goşuny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurduň goranyş häsiýetli harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.