Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Watanymyzyň goranyş
ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem
ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we
harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we
ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine
talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden
ulanmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we
döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän
düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň
netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen
çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini
kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň
parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň,
ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän
düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri,
kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň
işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň
işini kämilleşdirmek, kazylaryň bilimini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat
döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen
wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, milli bähbitlerimizi ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk
edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan
bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny
döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanmaga berlen döwrebap toplumlar,
öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy
we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan
işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk düşünjesini
ýokarlandyrmak, ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle-de hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň
hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk
binýadyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk
üpjünçiligini amala aşyrmagyň, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak
boýunça ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew
ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady
bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli
gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük
nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän
harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelýändigine gözegçiligiň has-da
kämilleşdirilmeginiň, gullugyň işine ösen dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň
zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk
edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň
netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony
ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek
arkaly harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda guralýan
çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty
diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik
etmegiň möhümdigini belledi we gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň
jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň
harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça
çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky
işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp
barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.