Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda
howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da
pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby
gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän
şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly
harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa
geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly
Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk
hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan
işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik
etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da,
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň
netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we
öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini
goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini
saklamak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Içeri işler ministrliginiň
düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, şu
ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Şeýle-de paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda sentýabr aýynyň
başyndan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly
biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň
parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri,
hususan-da, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň
howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň
guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryny ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler
barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi, kazyýet işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek
boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy
we hukuk tertibini üpjün etmäge gönükdirilen kazyýet işlerini mundan beýläk hem
dowam etdirmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň
wajypdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli
tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol
çekdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz
aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu düzümiň işini kämilleşdirmek babatda
öňde goýan wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görlen
çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk
ministrine Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, jemgyýetiň
howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň
ýanwar — awgust aýlarynda Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün
etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sanly
ulgamyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy usullary işjeň ulanmak boýunça beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli
goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet
galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň iş,
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
üstünlikli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli
görkezmeleri berdi.
Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek
boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde,
bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, raýatlarymyza hukuk
kömegini bermek üçin guralýan çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk
üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, olary
döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew
ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň
tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda
gümrük düzgünleriniň, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek
boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň
ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň
sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol bu
düzümi ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine
ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, bu ulgama öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada-da aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa
kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini
belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyz
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary
derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli
Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek,
ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli
çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan
beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.