milli goshun logo
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
16 sagat öň 28 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli işler amala aşyrylýar. Şunda ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawy goramaga, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň ýer-suw serişdeleriniň mümkinçilikleri pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, topragy goraýjy tehnologiýalardan peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, ugurdaş ylmy-barlag edaralary tarapyndan ekinleriň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de gurakçylyga durnukly, ýokary hasyl berýän täze tohumlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ekologik deňagramlylygy saklamaga, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga ýardam berýär.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme”, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek”, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak” hem-de “Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” atly taslama resminamalaryna gol çekildi.