Türkmenistanyň
dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze,
döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär, bu ugurda uly möçberli gurluşyk
işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini
kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap,
Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk
getirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet
derejesinde kabul edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini hem-de
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri
döretmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp,
«Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar
edýär:
1. Welaýatlarda täze
etraplary döretmeli we olary atlandyrmaly:
1) Ahal welaýatynda
täze etraby döretmeli we oňa «Altyn asyr» adyny dakmaly we mundan beýläk ony
«Ahal welaýatynyň Altyn asyr etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Kaka etrabynyň
dolandyryş çäginden 307903 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Çäçe, Mäne geňeşliklerini;
Sarahs etrabynyň dolandyryş çäginden 26700 ga ýeri hem-de onuň düzüminden
Balykçylyk geňeşligini; Tejen etrabynyň dolandyryş çäginden 271152 ga ýeri
hem-de onuň düzüminden Altyn asyr şäherini we bu şäheriň dolandyryş
tabynlygyndaky Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalaryny, Döwletli, Gurban
Durdy, Waharman geňeşliklerini Altyn asyr etrabynyň dolandyryş çägine we
düzümine geçirmeli;
Altyn asyr etrabynyň
edara ediş merkezi edip Altyn asyr şäherini bellemeli;
2) Daşoguz
welaýatynda:
a) täze etraby
döretmeli we oňa «Garaşsyzlyk» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşoguz
welaýatynyň Garaşsyzlyk etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Akdepe etrabynyň
dolandyryş çäginden 894378 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Andalyp şäherini,
Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçäni we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky
Bagty, Bamyly, Çildir, Gyzyl, Keşler, Meňiş, Omarly, Orman obalaryny,
Agzybirlik, Ak altyn, Altyn toprak, Gyzyltakyr, Magtymguly Garlyýew adyndaky,
Nurmuhammet Andalyp adyndaky, Sapyş Çerkezow adyndaky, Sazanda, Şabat,
Täzezaman, Üçkepderi geňeşliklerini Garaşsyzlyk etrabynyň dolandyryş çägine we
düzümine geçirmeli;
Garaşsyzlyk etrabynyň
edara ediş merkezi edip Andalyp şäherini bellemeli;
b) täze etraby
döretmeli we oňa «Gubadag» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşoguz
welaýatynyň Gubadag etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Boldumsaz etrabynyň
dolandyryş çäginden 66895 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Gubadag şäherini,
Gökçäge şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Duzlyköl, Maňňyt
obalaryny, Abadanlyk, Akýaýla, Amyderýa, Babadaýhan, Baýdak, Bereketli, Bitarap
Türkmenistan, Çowdur, Gökýaýla, Gubadag, Jeýhun, Ýaşlyk geňeşliklerini Gubadag
etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;
Gubadag etrabynyň
edara ediş merkezi edip Gubadag şäherini bellemeli;
3) Lebap welaýatynda:
a) täze etraby
döretmeli we oňa «Döwletli» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap
welaýatynyň Döwletli etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Hojambaz etrabynyň
dolandyryş çäginden 220776 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Döwletli şäherçesini
we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat, Garagum, Miras obalaryny,
Berkararlyk, Hojahaýran, Pagtaçy, Tallymerjen, Täze durmuş geňeşliklerini;
Köýtendag etrabynyň dolandyryş çäginden 183540 ga ýeri hem-de onuň düzüminden
Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat,
Türkmenistan, Ýalkym geňeşliklerini Döwletli etrabynyň dolandyryş çägine we
düzümine geçirmeli;
Döwletli etrabynyň
edara ediş merkezi edip Döwletli şäherçesini bellemeli;
b) täze etraby
döretmeli we oňa «Farap» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap welaýatynyň
Farap etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Çärjew etrabynyň dolandyryş çäginden
396447 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Farap şäherini, Jeýhun şäherçesini,
Bitik, Garamyş, Hanoba, Hojakenepsi, Jendi, Kyraç, Osty geňeşliklerini Farap
etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;
Farap etrabynyň edara
ediş merkezi edip Farap şäherini bellemeli;
ç) täze etraby
döretmeli we oňa «Garabekewül» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Lebap
welaýatynyň Garabekewül etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Saýat etrabynyň
dolandyryş çäginden 498897 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Garabekewül şäherini,
Yslam şäherçesini we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly,
Soltanjeňňel obalaryny, Akgala, Baý, Dostluk, Ärsarybaba, Lamma, Rahmançäge,
Seýdi, Soltanýazgala, Zelili adyndaky geňeşliklerini Garabekewül etrabynyň
dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;
Garabekewül etrabynyň
edara ediş merkezi edip Garabekewül şäherini bellemeli;
4) Mary welaýatynda
täze etraby döretmeli we oňa «Oguzhan» adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Mary
welaýatynyň Oguzhan etraby» diýip atlandyrmaly hem-de Murgap etrabynyň
dolandyryş çäginden 39127 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Deňizhan, Oguzhan
şäherçelerini we Deňizhan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Kiçi Hanhowuz,
Sähra obalaryny, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini; Sakarçäge etrabynyň
dolandyryş çäginden 165266 ga ýeri hem-de onuň düzüminden Şatlyk şäherini,
Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Gökhan, Merdana, Ýyldyzhan
geňeşliklerini Oguzhan etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirmeli;
Oguzhan etrabynyň
edara ediş merkezi edip Parahat şäherçesini bellemeli.
2. Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrabynyň edara ediş merkezini Akdepe şäherine geçirmeli.
3. Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba
derejesini bermeli we oňa «Kepele» adyny dakmaly hem-de bu obany Öňaldy
geňeşliginiň düzümine goşmaly.
4. Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşligini ýatyrmaly, bu geňeşligi we onuň
düzümindäki Gorjaw obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmaly.
5. Lebap
welaýatynda şu ilatly ýerleri, ilatyň ýaşamaýandygy we ilatyň sanynyň
kanunçylykda bellenilenden azdygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň
hasabyndan çykarmaly:
1) Çärjew etrabynyň
Osty geňeşliginiň Gyrteki obasyny;
2) Köýtendag
etrabynyň Garrygala geňeşliginiň Hojaşüllük obasyny, Köýten geňeşliginiň Mälik
obasyny.
6. Türkmenistanyň
Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň
häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz
welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli,
Farap, Garabekewül etraplarynyň hem-de Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň
dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.
7. Türkmenistanyň
Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen
tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.GULMANOWA.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.