milli goshun logo
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
18 sagat öň 25 Habarlar

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

...Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan guralan sergini synladylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.

  Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny alyp barmak bilen, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikde eýeleýän abraýly ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli bähbitleri goramakda we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işiniň uly ähmiýetini belledi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, diplomatlaryň hünär baýramçylygynyň gündelik zähmeti bilen halkara dialogy pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk filosofiýasyny ilerletmäge goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan öz çykyşynda 18-nji fewralyň milli bähbitleri goramak, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça diplomatik gullugyň amala aşyrýan ýokary wezipesini alamatlandyrýandygyny belledi.

  Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon diplomatik gulluga berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni häzirki döwrüň ýaş diplomatlara hünär başarnyklaryny durmuşa geçirmek hem-de öz ýurdunyň ösüşine işjeň gatnaşmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, özara düşünişmek sungatynyň diňe adamlara mahsusdygyny nygtap, hiç bir tehnologiýanyň şahsy dialogy we hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryny çalşyp bilmejekdigine ynam bildirdi hem-de ýaş diplomatlara üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.