milli goshun logo
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň XVI jildi çap edildi
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň XVI jildi çap edildi
10.10.2024 82 Habarlar

Düýn – 9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen, dermanlyk ösümlikleriniň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.