milli goshun logo
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy
1 gün öň 31 Habarlar

Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Bu barada TDH habar berdi.

Mekdebi tamamlan uçurymlar üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler taýýarlanylyp, makalalar çap edildi. Şeýle hem bilim edaralarynda «Açyk gapylar» günleri geçirildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimi ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda täze anyk ädimler bolar.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny 30-njy iýul — 25-nji awgust aralygynda geçirmegiň bellenilendigini hem nygtamak gerek.