milli goshun logo
Türkmenistanda täze okuw kitaplary çap edildi
Türkmenistanda täze okuw kitaplary çap edildi
8 sagat öň 17 Habarlar

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplaryny çap etdi.

“Arap diliniň fonetikasy” okuw kitaby ýokary hünär derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlamak, Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap usulyýetleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, bilim berlişiniň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy. 
G.Gurbannazarowanyň täze kitaby ýokary okuw mekdeplerde arap dilini öwrenýän talyplara hem-de gyzyklanma bildirýän ähli okyjylara niýetlenilendir. Bu okuw kitaby arap diliniň häzirki zaman fonetika kadalaryny we aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmek maksady bilen okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyldy. 
Kitap taýýarlanylanda awtor tarapyndan türkmen we daşary ýurtly dilçileriniň, alymlarynyň arap diliniň fonetikasyna bagyşlanylan dürli işleri ulanyldy. Kitapda dil hakynda gymmatly maglumatlar, düzgünler, tekstler hem-de türgenleşme mysallary jemlenilipdir. 
“Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar” okuw kitaby awtorlar M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew tarapyndan ýurduň rus diline ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XII synplary üçin taýýarlanyldy. 
Kitabyň mazmunynda “Habarlar we maglumat işi”, “Kompýuter maglumat tehnologiýalary”, “Kommunikasiýa tehnologiýalary”, “Maglumat howpsuzlygy”, “Innowasion tehnologiýalar”  diýen bölümler boýunça toparlara bölünen işler yzygiderli beýan edilipdir. 
Okuw kitabynda maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň esasy düşünjelerine we ýerine ýetirýän wezipesiniň ähmiýetine, kommunikasiýa torlaryny gurmagyň esasy ýörelgelerine, dürli simsiz tehnologiýalaryň iş usullaryna garalypdyr. Bu kitabyň kömegi bilen okuwçylar kompýuter we sanly tehnologiýalary howpsuz ulanmak, kiberhüjümleri tanap bilmek, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça ilkibaşlangyç çäreleri görmek başarnyklaryny ele alyp bilerler. 
Alnan bilimleri barlamak üçin kitapda ýerleşdirilen sowallar hem-de amaly işler okuwçylara öwrenilenleri berkitmäge we temalara degişli düşünjeleri giňeltmäge kömek eder.