Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara
guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere
garaldy. Mejlise merkezi toparyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar
we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik
guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna
laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk,
Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül
etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň
agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy
«Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw
okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat,
etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň
saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek
bellenildi. Şoňa görä, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň
gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň dürli
ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Türkmenistanyň ösüşiň
demokratik ýoluna ygrarlydygy bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň ähmiýeti
nygtaldy.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy
ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi, şeýle hem okruglaryň we
uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän
okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir
hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy. Saýlaw
toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. Çykyş edenler täze
taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda
jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlaryň aýdyňlygyny üpjün
etmäge uly üns berilýändigini bellediler. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň
açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, ilat
arasynda degişli düşündiriş işleriniň alnyp barylmagyny ilkinji nobatdaky
wezipeleriň hatarynda kesgitlediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçiriljek
saýlawlaryň giň gerimli syýasy özgertmeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm
ädim boljakdygy nygtaldy.
Saýlaw möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady
bilen, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar saýlawlara
taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
Toparyň agzalary, mejlise gatnaşyjylar bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň
ähmiýetine ünsi çekip, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi
babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da
birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.