milli goshun logo
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
3 gün öň 105 Habarlar

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra dabaranyň köp sanly myhmanlary halkara sergide ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu gezekki çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlardyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak wekil gatnaşýar.

Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýonda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede durmuşa geçirýän asylly işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen beýan edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sergi diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän dermanlaryň we lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.

Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki şypahanalaryň we saglygy dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölümini emele getirýär. Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň şypahanalary ýylyň ähli paslynda halkymyza ýokary hilli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny hödürleýärler. «Saglyk», «Gumry», «Zenjebil», «Çöl oty» hojalyk jemgyýetleri, «Myratly Gadam», «Ak hümmet», «Çebşek», «Yşgyn», «Tebip», «Sabur», «Ýandak» hususy kärhanalary sergä gelýänleri bu babatda öz hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.

Halkara foruma ýurdumyzyň ozaldan gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Umuman, bu gezekki halkara sergi diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä lukmançylygynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmak üçin hem amatly mümkinçilikdir. Ol işewürler üçin täze başlangyçlary ilerletmek, lukmançylyk işgärleri üçin tejribe alyşmak babatda amatly meýdançadyr. Şeýle hem bu ýerde dürli ýurtlardan gelen ökde hünärmenlerden saglyk maslahatlaryny alyp bolýar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet sylaglaryna eýe bolanlar netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

...Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze kitap «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. «Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.

Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler», «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. «Melhemli şypahanalar» atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Tanyşdyrylyş dabaralaryndan soňra, Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlaryň lukmançylyk edaralarynda saglygy goraýşyň aýry-aýry ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy goşantdyr.

Ylmy maslahatyň ikinji we üçünji güni lukmançylyk, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň 20 ugry boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de saglygy goraýyş edaralarynda geçiriljek bölümçelerde dowam eder. Mundan başga-da, halkara forumyň geçirilýän günlerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna degişli düzümlerde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi; «2030-njy ýyla çenli ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini ýeňeris» atly forum; Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty geçiriler.

Forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Norwiç dil bilimi institutynyň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Ankara sosial bilimler uniwersitetiniň (Türkiýe Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasynyň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Westminster uniwersitetiniň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Witenberg uniwersitetiniň filosofiýa III — pedagogika ylmy fakultetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga; Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.