milli goshun logo
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17 sagat öň 8 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.