Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň
ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä
bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly
ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen
myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Bahreýniň Patyşasy Hamad
bin Isa Al Halifanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda
diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin
maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň
dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän
döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Duşuşykda
ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli
ösdürilýän türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Bahreýn Patyşalygynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali
Marzuk ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän
türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Iki ýurduň arasyndaky
dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady
bilen, jenap Bassam Ahmed Ali Marzugy Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Jenap Bassam Ahmed Ali Marzugyň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary özüne
ynanylan jogapkärçilikli wezipäni üstünlikli amala aşyrjakdygyna ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi
hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy
ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Çuňňur hormatlamak
bilen,
Siziň gadyrly
dostuňyz,
Hamad
bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.