milli goshun logo
Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar
16.11.2023 355 Habarlar

Düýn — 15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» («CASCA+») halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady.

Duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, «CASCA+» ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.

«Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üç günlük mejlisiniň dowamynda «CASCA+» ugrunyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Teswirnama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.