Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe
bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk
güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri
döretmek maksady bilen, karar edýärin:
2025-nji ýylyň 11–13-nji dekabryny iş güni däl diýip
yglan etmeli.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine
garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 5-nji dekabry.