Şenbe güni – 15-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hanym Jalpa Ratna diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Şeýle hem ol ýakynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 4 ýyl dolýandygy, şu döwürde bu düzüm tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna kömek-goldawlaryň berlendigi, ýurdumyzda köp sanly mätäç çagalaryň gaznanyň hasabyna bejergi alandygy barada aýdyldy.