milli goshun logo
Türkmenistan – Pakistan Yslam Respublikasy: haýyr-sahawat ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmenistan – Pakistan Yslam Respublikasy: haýyr-sahawat ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
14 sagat öň 13 Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly hormata mynasypdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da, howandarlyga we lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ileri tutýan ugry bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan asylly işi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň güwäsidir.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny, ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak syýasatyny alyp barýandyklaryny belledi. Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda çagalara hödürlenilýän hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini aýtdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ünsi çekdi.

Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.